Monrealyň howasy tüsse sebäpli megapolisleriň arasynda dünýäde iň ýaramaz howa boldy

  • 30.06.2023 08:39
  • 11k+

Tokaý ýangynlarynyň tüssesi sebäpli Monrealyň howasy dünýäniň beýleki megapolisleri bilen deňeşdirilende iň zyýanly howa boldy. Report-yň bellemegine görä, bu barada IQAir gözegçilik agentligi habar berýär.

Hünärmenleriň baha bermegine görä, 25-nji iýunda howanyň gündizki hil görkezijisi 190-a ýetdi (ýokary boldugyça, şonça-da ýaramaz), 26-njy iýuna çenli 158-e düşdi. Deňeşdirmek üçin, material neşir edilen wagty Monreal diňe 162 görkezijili San-Pauludan öňe geçýär. Görkeziji 190 “zyýanly” hasaplanýar, 25-nji senede irden bolsa Monrealda sagatlyk görkezijiler 280-den geçýärdi.
Kanadanyň Daşky gurşaw ministrligi ýaşaýjylary arassa howada gezelenç etmekden saklanmaga we çykmak zerurlygy bolan ýagdaýynda örtük dakynmaga çagyrdy. Açyk basseýnler we sport meýdançalary ýapyldy, açyk howada geçirilmeli köp sanly çäreler, şol sanda konsertler we sport ýaryşlary bolsa ýatyryldy.
Tokaý ýangynlary bilen göreşiji agentlik SOPFEU-nyň maglumatlaryna görä, Kwebekde 80 işjeň tokaý ýangyny hasaba alynýar, olardan käbiri yssy howa sebäpli hasam güýçlenýär.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....