Opel täze logotipini görkezdi

  • 27.06.2023 18:07
  • 23k+

Opel kompaniýasy şereketiň täze logotipini mälim etdi. Klassiki "ýyldyrymyň" täzeden gözden geçirilmegi, resmi beýanata görä, kompaniýanyň elektrikli ulaglara geçmek strategiýasynyň bir bölegi hökmünde ýüze çykýar. Köpçülikleýin öndüriljek awtoulaglarda logo 2024-nji ýylda peýda bolar, ýöne Opel eýýäm sentýabryň başynda Mýunhende täze nyşanly konsept-kar diýilýänini hödürlär.

Täzeden döredilen nyşan häzirki simwolizmden merkezi elementiň has inçe we dinamiki stildeligi bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, ony töwerekleýän halka diliklere eýe boldy.
Opel ýakyn ýyllarda köpçülikleýin öndüriljek awtoulaglarda logotipi işjeň ulanyp başlamagy meýilleşdirýär: ilkinji görkezilişi indiki ýyl bolar. Ol 5-nji sentýabrda Mýunhende açyljak IAA Mobility sergisinde köpçülige resmi taýdan ilkinji gezek hödürlener. Kompaniýa gürrüňiň näme hakda gidýänini heniz gizleýär, ýöne ilkinji ýaňzydyjy tizerler eýýäm çap edildi.
Opel 2028-nji ýyla çenli Ýewropa niýetlenen ulaglaryny doly elektrikli görnüşe  öwürmegi meýilleşdirýär.


09.10.2025 18:18
8.8k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi...

27.09.2025 19:12
9.7k+

Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler

Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy...

19.09.2025 14:53
2.7k+

755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar

Maserati, Chrysler we Jeep brendlerini öz içine alýan Stellantis konserni ýangyjyň syzmak töwekgelçiligi sebäpli bütin dünýäde 755 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu mesele ýangyna getirip biler diýip, Bild gazeti habar berdi...

31.08.2025 08:52
7.2k+

Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz

Germaniýanyň Opel awtoulag öndürijisi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryny önümçilikden aýyrmak baradaky meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada ITHome portaly habar berýär. Iki ýyl ozal kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap ähli täze modelleriň elektrikli görnüşde öndüriljekdigini we 2028-nji ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik ulaglarynyň satyljakdygyny mälim edipdi...