Milliarderleriň ýaşaýşy üçin iň gymmat şäherleriň reýtinginde lider üýtgedi

  • 26.06.2023 16:27
  • 41k+

Şweýsariýanyň Julius Baer banky tarapyndan düzülen baý adamlaryň ýaşaýşy üçin dünýäniň iň gymmat şäherleriniň reýtinginde ilkinji gezek birinji orny Singapur eýeledi. Bu şäher döwleti ikinji we üçünji orunlary eýelän Şanhaýdan we Gonkongdan öňe geçdi diýip, forbes.kz habar berýär.

Reýting düzülende bankyň hünärmenleri $1 mln we ondan ýokary girdejili hem-de talaplara laýyk gelýän adamlar üçin dünýäniň 25 şäherinde ýaşaýşyň bahasyny öwrendiler. Şäherler 12 harytdan we sekiz hyzmatdan ybarat sebediň bahalarynyň jemi boýunça tertipleşdirildi.
Singapur pandemiýadan soň barly adamlary özüne çekdi, bu hem bahalara öz täsirini ýetirdi. “Ýaşaýyş jaý emläklerine aşa ýokary isleg bildirilýär, salgyt salynýan awtomobiller we zerur lukmançylyk ätiýaçlandyryşy dünýädäki ortaça derejeden, degişlilikde, 133% we 109% gymmatdyr” – diýlip, gözlegde bellenilýär.
Reýtingde London ikinji orundan dördünji orna düşdi. Bankyň hünärmenleri Brexit-iň we “soňky bulaşyklyklaryň” Beýik Britaniýanyň abraýyna zyýan ýetirýändigini, şäheriň Dubaý we Singapur ýaly ösýän maliýe merkezleri tarapyndan güýçli bäsdeşlik bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, ýöne bu ýerde awtomobiller we lukmançylyk ätiýaçlandyryşy üçin bahalaryň reýtinge giren köp şäherlere garanda pesdigini bellediler. Nýu-Ýork dollaryň berkemegi we pandemiýadan soň myhmanlaryň köpelmegi netijesinde 11-nji orundan bäşinji orna çykdy.
Ilkinji onluga Monako, Dubaý, Taýbeý, San-Paulu we Maýami hem girdi. Dubaý top-10-a ilkinji gezek girip, ýedinji orny eýeledi. Julius Baer-iň analitikleriniň pikiriçe, ol köp sanly baý adamlaryň göçüp gelmegi netijesinde reýtingiň “ýyldyz oýunçysy” boldy.


17.04.2026 00:04
6.8k+

Singapurly tälimçi asylmak boýunça goýan rekordyny ogluna bagyşlady

Singapurly tälimçi we ýoga mugallymy Razif Ýusoff öz bedenine goşmaça 176,1 kilogram agramy berkitmek we hereketsiz asylyp durmak bilen, Ginnesiň dünýä rekordyny täzeledi....

14.04.2026 16:25
4.2k+

Singapurly pensionerler şikeslerden goranmak üçin parkury özleşdirýär

Singapuryň eteginde ýaşaýan ýaşuly adamlaryň çalasynlygyny ösdürmek we durmuşda bolup biljek şikesleriň töwekgelçiligini azaltmak üçin, olara parkur öwredilýär. «South China Morning Post» neşiriniň ýazmagyna......

21.01.2026 10:07
2.8k+

Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär...

02.12.2025 17:44
7.1k+

Singapurly dizaýner Nike krossowkasyna Nintendo oýun konsolyny oturtdy

Singapurly dizaýner Gustawo Bondzanini içine oýun konsoly gurnalan Nike Air Max 90 krossowkalaryny döretdi. Bu iş Ýaponiýada "Super Nintendo-nyň" çykarylmagynyň 35 ýyllygyna gabatlandy diýip, "The Verge" neşiri habar berýär...