Üç ýurt EKSPO – 2030-y geçirmäge taýýar

  • 25.06.2023 12:42
  • 22k+

Üç lider EKSPO – 2030 Bütindünýä sergisini geçirmek üçin öz ýurtlaryny mahabatlandyrýar. Parižde geçirilen iki günlük baş assambleýasynda Halkara sergiler býurosynyň 179 agza döwletinden delegatlar EKSPO – 2030-y geçirmäge dalaşgärler hökmünde üç ýurdy – Saud Arabystanyny, Günorta Koreýany we Italiýany saýlamak üçin ses berdiler. Bu barada rwww3.nhk.or.jp habar berýär.

Ses berişlikden soň Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri şazada Feýsal ben Farhan Al Saud paýtagt şäher Er-Riýadda sergini geçirmegiň taslamasyny hödürledi.
Günorta Koreýanyň prezidenti Ýun Sok Ýol ýurduň ikinji uly şäheri Pusana goldaw bermäge çagyrdy.
Italiýanyň premýer-ministri Jorja Meloni öz ýurdunyň paýtagty Rimde ekologiýa taýdan arassa dostlukly sergini geçirmegi maksat edinýändigini belledi.
Halkara sergiler býurosynyň agza döwletleri noýabr aýynda geçiriljek nobatdaky baş assambleýada EKSPO – 2030-yň nirede geçiriljekdigini kesgitlärler.


düýn 12:22
2.2k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

29.05.2026 08:03
7.7k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

27.05.2026 21:27
2.7k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....

27.05.2026 21:22
2.6k+

Samsung-yň paýnamalary, kärdeşler arkalaşygy aýlyk haklary baradaky ylalaşygy makullandan soň, gymmatlady

Samsung Electronics-iň kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň köpüsi çarşenbe güni aýlyk haky hakyndaky deslapky ylalaşygy goldap ses berdiler, bu bolsa global çip üpjünçiligine we Günorta Koreýanyň......