Russiýada reňkli plastik gaplar 2024-nji ýyldan gadagan edilip bilner

  • 25.06.2023 12:23
  • 14k+

2024-nji ýyldan Russiýada reňkli plastik gaplar gadagan edilip bilner. Bu barada Russiýanyň Ekologiýa operatorynyň (REO) çykyşyna salgylanyp, Izwestiýa ýazýar.

REO-nyň başlygy Denis Busaýew Russiýada plastik gaplamanyň bäşe golaý görnüşini gadagan etmegiň meýilleşdirilýändigini, 2030-njy ýyla çenli bolsa gadagan edilen plastik görnüşleriniň sanynyň 20-ä çenli artdyrylyp bilinjekdigini aýtdy. Ol gaýtadan işläp boljak gaplamalara kem-kemden geçmek meýilnamasynyň bardygyny belledi.
Biznesiň bu wakalara uýgunlaşmagy üçin geçiş belli bir döwürde amala aşyrylar. Daşky gurşawyň plastik bilen hapalanmagy häzirkizaman dünýäsiniň iň çylşyrymly ekologiýa meseleleriniň biri hasaplanýar.
Häzirki wagtda Senagat we Söwda ministrligi gaplamanyň dört görnüşini: dürli reňkli “kislota” plastik çüýşeleri, ýylylygyň täsiri astynda şekile gelýän plýonkalary, şeýle-de PWH-den etiketkaly gaplary we eremeýän ýelimli gaplamalary çäklendirmegi teklip edýär.
Edara plastik önümleriniň ählisiniň önümçiligini gadagan etmegiň göz öňünde tutulmaýandygyny, gürrüňiň häzirki wagtda gaýtadan işläp bolmaýan plastik önümlerini dolanyşykdan kem-kemden çykarmak barada gidýändigini belledi.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....