Täze iOS 17 başlangyç sürüjilere awtoulagyň näsazlyklaryny anyklamaga kömek eder

  • 26.06.2023 15:11
  • 19k+

Iýun aýynyň başynda Apple kompaniýasy öz mobil operasiýa ulgamynyň täze wersiýasyny — iOS 17-ni hödürledi. Indi bu täze ulgamyň nähili täsin aýratynlyklarynyň bardygy belli boldy.

iOS-yň öňki wersiýasy bilen Apple enjamlary şekilleri tekste öwürmek we suratlardaky zatlary tanamak ukybyna eýe bolupdy. Indi bu mümkinçilikler giňeldiler. iOS 17-de wizual derňewi ulanyp, ulgam awtoulagdaky näsazlyklary anyklap biler.
"Suratdaky näme?" atly funksiýa iPhone kamerasynyň kömegi bilen awtoulagyň dolandyryş panelindäki nyşanlary tanamaga we ýüze çykaýjak kynçylyklar hem-de näsazlyklar barada habar bermäge mümkinçilik berýär.
Reddit-iň ulanyjylarynyň belleýşi ýaly, iOS 17 beta-daky “Suratlar” goşundysy awtoulagyň nyşanlaryny - dolandyryş panelindäki görkezijilerden başlap, farany sazlamak we kabinadaky howany dolandyrmak üçin nyşanlara çenli tanamagy öwrendi. Surata düşmek, mediateka girip, suratyň aşagyndaky destiň nyşanyna basmak ýeterlikdir. Ulgam onda tanalan nyşanlaryň hemmesini derrew onlaýn makalalara girilýän baglanyşyklary görkezmek bilen berer.
Elbetde, funksiýa näsazlyklary düzetmegiň doly bahaly guralynyň ornuny tutup bilmez. Awtoulagyň ýagdaýyny barlamak üçin hünärmenlere ýüz tutmak has gowudyr. Şeýle-de bolsa, gollanmany gözläniňden eliňe smartfony alanyň has aňsatka, täze aýratynlyk gaty amatly bolar.
Mundan başga-da, ol diňe sürüjilere kömek etmän, eýsem, bu funksiýany ulanyp, naharlaryň suratlaryndan reseptleri saýlap bilersiňiz, şeýle hem bir suratyň üsti bilen gyzyklanýan zadyňyzy belläp, bu barada jikme-jik maglumat alyp bilersiňiz.


09.06.2026 23:04
2.9k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....