«Mortal Kombat 2» filmi surata düşürilip başlandy

  • 23.06.2023 14:14
  • 15k+

«Mortal Kombat 2» filmini surata düşürmek işleri resmi taýdan başlandy. Bu barada filmiň prodýusseri Todd Garner sosial torlarda habar berdi.

Şeýle hem Garner filmi döredijileriň birinji bölümde ýol beren ýalňyşlyklaryna düşünendiklerini we ikinji bölümiň has özüne çekiji bolmagy üçin olary düzetmäge synanyşandyklaryny aýtdy.

«Başladyk! Diýseň tolgundyryjy. Ynanaýyň, biz size gulak astyk hem eşitdik. Ýalňyşlyklarymyzdan sapak aldyk we «Mortal Kombat 2-ni» has täsirli etmäge ymtylýarys».

«Mortal Kombat 2» birinji filmde başlanan sýužeti dowam eder. Ikinji bölümde ähli gahrymanlaryň dolanyp gelmegine, şeýle hem täze ýüzleriň peýda bolmagyna garaşylýar. Şolaryň hatarynda Şao Kan, Jeýd, Sindel, Kitana, Kuan Çi we Jonni Keýj bar.
Režisýorlyga Saýmon Makkuoýd dolanar, ssenarisini Jeremi Sleýter ýazdy.
«Mortal Kombat 2-niň» çykjak senesi heniz belli däl.

düýn 20:25
5.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
7.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
5.5k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......