Pakistan türkmen gazyny gaýtadan işläp beýleki ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýär

  • 23.06.2023 12:03
  • 9.4k+

Pakistan Hytaýa we Ýewropa döwletlerine turbageçirijiler arkaly import edilen tebigy gazy suwuklandyrylan görnüşe öwürýän zawodlary gurmagy teklip edýär. Çig mal hökmünde Yslamabat gazy Türkmenistandan import edip almagy meýilleşdirýär. Bu barada “The Express Tribune” habar berýär.

Pakistanyň döwlet nebit ministri Musadik Mäligiň mälim etemegine görä, Türkmenistan ägirt uly gaz gorlaryna eýe bolup, ony turbageçirijiler arkaly Pakistana import etmek meselesi eýýäm ylalaşyldy. Şeýlelikde, Pakistan türkmen gazyny başga ýurtlara hem eskport edip biler.
Şu ýylyň sowuk gyşynda Pakistan Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan suwuklandyrylan gazy import etjekdigini mälim edipdi. Aprel aýynda bolsa, Türkmenistanda öndürilen suwuklandyrylan tebigy gazyň ilkinji tapgyry Pakistana gelip gowuşdy.
Ýakynda Pakistanyň Hökümeti Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan taslamasynyň bilelikde durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak baradaky meýilnamany tassyklady.


13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.5k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...