ABŞ barlaghanada döredilen towuk etiniň satylmagyna rugsat berdi

  • 23.06.2023 09:56
  • 14k+

ABŞ-nyň Oba-hojalyk ministrligi Kaliforniýanyň iki kompaniýasyna — Upside Foods we Good Meat kompanialaryna barlaghanada janly guş öýjüklerinden ösdürilip ýetişdirilen towuk etini satmaga rugsat berdi diýip, Associated Press habar berýär.

Agentligiň aýtmagyna görä, bu ädim haýwanlara ýetirilýän zyýany aradan aýyrmaga we daşky gurşawa ýetirilýän täsiri azaltmaga gönükdirilen bolup, et önümçiliginiň täze döwrüniň başlanandygyny aňladýar .
ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirligi (FDA) olaryň öndüren önümlerini iýmäge ygtybarly hasaplandan birnäçe aý soň, iki kompaniýa hem degişli rugsady aldy.
Şeýle et janly guş öýjüklerini, tohumlandyrylan ýumurtgalary ýa-da ýörite "öýjükli bankalary" ulanyp, polatdan ýasalan  ätiýaçlyk çeleklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Ondan soň, önümçilik döwründe öýjük massasy kotletlere, büzmeçlere ýa-da file böleklerine öwrülýär. Good Meat kompaniýasy eýýäm şeýle önümleri satmaga rugsat beren ilkinji ýurt bolan Singapurda satýar.
Şeýle-de bolsa, barlaghanada ýetişdirilen et önümleri dükanlara bu golaýda barmaz, kompaniýalar täze iýmiti ilki ABŞ-nyň restoranlarynda hödürlemegi meýilleşdirýärler. Mundan başga-da, şeýle etiň bahasy fermada ösdürilip ýetişdirilen guşlaryň etiniň bahasyndan ep-esli ýokarydyr diýip, AP belleýär.
Şeýlelikde, barlaghanada ösdürilip ýetişdirilen et indi iki ýurtda - Singapurda we ABŞ-da bar.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......