Aşgabadyň ýaşaýjylary üçin boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

  • 22.06.2023 15:06
  • 19k+

2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler. Bu barada «Aşgabat» gazetinde habar berilýär.

Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Büzmeýin etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilelikde guraýar.
Çäre S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda geçiriler.
Guramaçylar kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini haýyş edýärler.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger
bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşyp bilerler.

Habarlaşmak üçin salgysy we telefonlary:
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi,

  • Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-14-56
  • Bagtyýarlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-68
  • Berkararlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-67
  • Büzmeýin etrabynyň Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy, tel: 33-12-69
  • Köpetdag etrabynyň Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-15-26
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy, tel: 22-74-07

18.06.2026 18:15
3k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......