Ronaldu Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 21.06.2023 23:51
  • 46k+

Hüjümçi Kriştianu Ronaldu sişenbe güni Portugaliýanyň futbol boýunça ýygyndysynyň düzüminde 200-nji oýnuna çykdy we taryhda bu bellige ýeten ilkinji oýunçy boldy.

Ronaldu 2024-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň dördünji duşuşygynda Islandiýa garşy geçirilen myhmançylykdaky oýnunda başlangyç düzümde meýdança çykdy. Bu görkeziji boýunça öňki rekord eýesi kuweýtli Bader al-Mutawa bolup, ol milli ýygyndysynyň düzüminde 196 gezek meýdança çykdy.
Ronaldu 38 ýaşynda, “Altyn topuň” bäş gezek ýeňijisi, Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropanyň çempiony, Milletler ligasynyň ýeňijisi. Portugaliýaly bu oýunçy milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň, Klublaryň dünýä çempionatlarynyň we Madridiň “Real”-ynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçysydyr. Hüjümçi karýerasynyň dowamynda iňlisleriň “Mançester Ýunaýted”-i, Portugaliýanyň “Sporting”-i we Italiýanyň “Ýuwentus”-y üçin çykyş etdi. 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri Ronaldu Saud Arabystanynyň “Al-Nasr”-ynda oýnaýar. 


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....