«Kalmar oýnunyň» ikinji möwsüminiň aktýorlar düzümi yglan edildi

  • 20.06.2023 17:08
  • 13k+

Netflix akym hyzmaty "Kalmar oýny" serialynyň ikinji möwsüminiň aktýorlar düzümine bagyşlanan wideo habaryny çykardy. Bu bildiriş platforma ýakyn wagtda durmuşa geçirjek taslamalaryny hödürleýän Tudum tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde edildi.

Wideo, öň yglan edilişine görä, Song Ki-hunyň (Li Çžon Çže) gaýdyp gelýändigini tassyklady. Mundan başga-da, Wi Ha Çžun, Li Ben Hon we Kon Ýu keşplerini ýene-de ýerine ýetirerler. Im Şi-wan (“Ogurlanan şahsyýet”), Kan Ha Nyl (“Mirasdüşerler”), Pak Son-hun (“Ar alyş dabarasy”) we Ýan Don Gyn ("Salgysy näbelli") filmiň täze aktýorlarydyr.
Ikinji möwsümde hem Hwan Don Hek režissýorlyk we ýerine ýetiriji prodýuserlik borçlaryny  öz üstüne alar. Täze bölümleriň surata düşüriş işleri şu ýylyň ahyrynda başlar.
“Kalmar oýny” ilkinji gezek 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda görkezildi. Filmiň sýužeti adaty bolmadyk diri galmak oýnuny oýnamagy ýüregine düwen,  bir topar umytdan düşen adam hakda gürrüň berýär. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýeňşi üçin 10 million dollar baýrak garaşýar we ýeňlen halatlarynda gahrymanlar janyny bermeli bolarlar.

düýn 20:25
5.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
7.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
5.5k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......