Türkmenistanly futbolçylar CAFA-2023 ýaryşynda çykyşyny tamamlady

  • 18.06.2023 15:23
  • 29k+

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýalarynyň Milletleriň Kubogynyň — CAFA Nations Cup-2023-iň üçünji tapgyr duşuşygynda Omanyň ýygyndysyndan utuldy.

«Pahtakor» stadionynda geçirilen duşuşyk omanly futbolçylaryň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Netijede, milli ýygyndymyz ýaryşda üçünji ýer üçin bäsleşmek mümkinçiliginden hem mahrum boldy.
Ugurdaş duşuşykda A toparda Özbegistan Täjigistany 5:1 hasabynda ýeňdi.
Üç tapgyrdan soň, özbek topary 9 utuk toplap, toparyndan birinji ýerden ýaryşyň finalyna çykdy. Finalda Özbegistan B toparda ýeňiji bolan Eýran bilen duşuşar. Üçünji ýer üçin Gyrgyzystan bilen Oman duşuşar.


şu gün 08:03
1.7k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....