Mersedes-Benz ChatGPT bilen ses kömekçisini synap başlady

  • 18.06.2023 15:00
  • 16k+

Mersedes-Benz ChatGPT neýroulgamy arkaly ses kömekçisiniň mümkinçiliklerini giňeltmegi göz öňünde tutýar we bu barada Microsoft bilen eýýäm ylalaşdy. ABŞ-da bu kompaniýa MBUX media ulgamly awtoulagyň islendik eýesiniň birigip biljek täze kömekçisi üçin beta-synag prosedurasyny işe girizdi.

Kompaniýa dil modeliniň emeli aňly elementleriniň birleşmegi ses kömekçisiniň mümkinçiliklerini giňelder diýip garaşýar. Köplenç onuň işi şol bir ülňüdäki birnäçe haýyşlar we jogaplar bilen çäklenýär, ýöne ChatGPT kömekçini ýolagçylar bilen umumy tebigy söhbetdeşligi dowam etdirip biljek derejä ýetirmegi başarýar.
Beta-synag wagtynda döredijiler ulgamyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini ileri tutmak üçin iň köp ýaýran soraglar we jogaplar barada maglumatlaryň ýygnanmagyna garaşýarlar. Beta üç aý dowam eder, synaglara 900,000 amerikan MBUX multimediýa ulanyjysy gatnaşyp biler. Zerur programma üpjünçiligini ulgamda ýerleşdirmek "howada" amala aşyrylar.
Mersedes-Benz-iň Ýewropa we Hytaý ýaly beýleki sebitlerde şuňa meňzeş synaglary başlatmagy meýilleşdirýäni-meýilleşdirmeýäni entek belli däl.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....