Winisius Žunior FIFA-nyň jynsparazlyga garşy ýörite komitetine başlyklyk eder

  • 17.06.2023 12:19
  • 18k+

Ispaniýanyň çempionatynda özem birnäçe gezek jynsparazlyk babatda kemsidilmelere sezewar edilen, «Realyň» braziliýaly hüjümçisi Winisius Žunior FIFA-nyň jynsparazlyga garşy ýörite komitetine ýolbaşçylyk eder. Bu barada FIFA-nyň başlygy Janni Infantino Winisius we Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşygyndan soň Reuters-e habar habar berdi.

Oýunçylary öz içine alýan komitet jyns kemsitmeleri üçin has berk çäreleri teklip etmeli. Geljekde olar bilen bütin dünýäni tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Infantinonyň sözlerine görä, FIFA jenaýatçylary kazyýetiň üsti bilen jogapkärçilige çeker.

Ol: “Mundan beýläk jynsparazlyk bilen futbol bir ýere sygyşmaz. Duşuşyklarda şeýle ýagdaý ýüze çyksa, oýunlar derrew togtadylmalydyr. Besdir indi "- diýdi.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.3k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....