Maýkl Jordanyň krossowkasy auksionda 1,38 million dollara satyldy

  • 17.06.2023 12:11
  • 8.7k+

ESPN-iň berýän habaryna görä, Maýkl Iordanyň NBA-da, iýmitden zäherlenendigine garamazdan, oýnan ýatdan çykmajak oýunlarynyň birinde geýen krossowkasy Goldin auksionynda 1,38 million dollara satyldy.

1997-nji ýylyň 11-nji iýunynda geçirilen “Ýuta Jaz” bilen NBA-nyň pleý-off seriýasynyň soňky tapgyrynyň bäşinji oýnundan öň Jordan özüni ýaramaz duýupdy, ýöne barybir meýdança çykdy we 38 utuk toplap, “Çikago Bullz-yň ýeňmegine kömek etdi - 90:88.
Oýna "dümewli" lakamy berildi, ýöne soňra Jordan hakykatda iýmitden zäherlenendigini boýun aldy.
Indiki oýunda “Çikago” çempion boldy, Jordan seriýanyň iň gymmatly oýunçysy diýlip ykrar edildi.
Jordanyň beýleki iki jübüt aýakgaby hasam gymmada gitdi. Onuň aprel aýynda Sothebys-da NBA-nyň 1998-nji ýyldaky finalynyň 2-nji oýnunda geýen krossowkasy (Jordanyň “Çikagoda”-ky soňky oýny) rekord derejede 2,238 million dollara satyldy, 2021-nji ýylda basketbolçynyň NBA-da ilkinji möwsüminde geýen krossowkasy 1,472 million dollara satyldy.
Maý aýynyň ahyrynda 1992-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda Litwa toparyna garşy ýarym finalda oýnan Jordanyň maýkasy Goldin auksionynda 3,03 million dollara satyldy.
Jordan – “Çikago”-nyň düzüminde alty gezek NBA-nyň çempiony we iki gezek Olimpiýa çempiony.

düýn 20:25
5.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
7.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
5.5k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......