Ilkinji gezek sütün öýjüklerinden adam düwünçekleriniň nusgalary döredildi

  • 17.06.2023 12:05
  • 9k+

Alymlar ilkinji gezek sütün öýjükleriniň esasynda adam düwünçekleriniň sintetiki nusgalaryny döretdiler. Bu barada The Guardian iňlis gazeti penşenbe günündäki sanynda habar berdi. Bu üstünlik genetiki keselleri we önelgesizligiň sebäplerini öwrenmäge mümkinçilik berer.

"Düwünçejik öýjüklerini gaýtadan programmirlemek arkaly adam düwünçeklerine meňzeş nusgalary döredip bileris" – diýip, neşir Kembrij uniwersitetiniň we Kaliforniýa tehnologik institutynyň professory Magdalena Žerniskaýa-Getsiň sözlerini getirýär.

Alymlaryň döreden gurluşlary gastrulýasiýa diýlip atlandyrylýan ösüş tapgyrynyň başlangyjyna ýetdi - urýan ýürek ýa-da başlangyç beýni ýok, ýöne adatça plasentany, öt haltany we düwünçejigi emele getirýän öýjükleri bar. Şeýle-de bolsa, adam ýumurtgalaryny ulanmazdan döredilen düwünçekler gözlegçilere düwünçekler bilen işlemegiň adaty ýörelgelerinden geçmäge we Angliýanyň kanunlary bilen kesgitlenen 14 günüň dowamynda ösüşini yzarlamaga mümkinçilik berýär.
Neşiriň habar bermegine görä, sintetiki düwünçekler bu golaýda kliniki tejribede ulanylmaz. Sebäbi olary oturtmak bikanun bolardy. Mundan başga-da, bu gurluşlaryň ösüşiň soňky döwürlerine çenli kemala gelmegini dowam etdirip biljekdigi ýa-da ýokdugy entek belli däl, sebäbi amerikan we hytaý alymlarynyň maýmyn we syçan düwünçegi bilen geçiren şuňa meňzeş synaglary üstünlikli bolmady. Alymlaryň halkara jemgyýeti sintetiki düwünçekler bilen işlemegiň esasy ýörelgelerini eýýäm düzüp başlady.


şu gün 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
512

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......