Türkmen zyýaratçylarynyň bir topary ýörite gatnaw bilen Mekgä haja ugradylar

  • 16.06.2023 11:49
  • 17k+

15-nji iýunda «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji tapgyry Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.

Türkmen zyýaratçylaryny Saud Arabystanyna ibermeklik iýul aýynyň ortasyna çenli dowam eder.
Ýurdumyzyň zyýaratçylary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barmazdan öň, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän Hezreti Omar metjidine baryp gördüler.

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar.
Haj döwrüniň 26-njy iýunda resmi taýdan yglan edilmeginden soň başlanmagyna garaşylýar. Şu ýyl COVID-19 döwründen bäri ilkinji gezek tutuş dünýäden 2,6 milliona golaý musulman mukaddes parzyny berjaý eder.


şu gün 10:55
125

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......