Tokioda dünýädäki iň uly Garri Potter ýapyk seýilgähi işläp başlady

  • 16.06.2023 11:34
  • 11k+

14-nji iýunda Tokioda ýaş jadygöý Garri Potter baradaky filmlere esaslanýan tematiki seýilgähiň tehniki açylyşy boldy. Kyodo News -yň habaryna görä, ilkinji bolup oňa metbugat wekilleri baryp gördüler. Seýilgäh köpçülik üçin eýýäm şu gün açyk bolar.

The Warner Bros. Studio Tour Tokyo - The Making of Harry Potter Garri Potter seýilgähi “Garri Potter” kino äleminiň äheňleri boýunça gurlan üsti ýapyk, dünýädäki iň uly seýilgähe öwrüldi. Özem özüne çekiji seýilgähde Hogwarts Jadygöýler mekdebi (hereketli basgançak, jadyly petikli uly zal), Jady ministrliginiň atrýumy, Dursleýiň öýi we filmdäki beýleki jaýlar ýerleşýär. Şeýle hem ulaglar, jadyly jandarlaryň şekilleri, jadygöýleriň heýkelleri we beýleki häsiýetli zatlar  arkaly myhmanlar özlerini Joan Roulingiň döreden dünýäsinde duýarlar.
18 ýaşdan uly myhmanlar üçin giriş 6300 ýen. 12 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin petek 5200 ýen, Potteriananyň 4 ýaşdan 11 ýaş aralygyndaky iň ýaş janköýerleri üçin 3800 ýen bolar. Açylyş güni üçin ähli petekler eýýäm satyldy.


18.06.2026 22:13
5.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......