Fatma Samura FIFA-nyň Baş sekretary wezipesinden gider

  • 15.06.2023 22:28
  • 11k+

Fatma Samura ýylyň ahyrynda FIFA-nyň Baş sekretary wezipesinden gider. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, sportrbc.ru habar berýär.

Samura 2016-njy ýylyň iýun aýynda bu wezipäni eýeledi, ondan öňki ýolbaşçy Žerom Walke korrupsiýada we etikanyň düzgünlerini bozmakda şübhelenmeler sebäpli wezipesinden aýryldy. FIFA gelmezden öň, BMG-de işlän asly senegally Samura bu wezipede ilkinji aýal we Ýewropa degişli bolmadyk ýurduň ilkinji wekili boldy.

“Men ilki öz habarlarymy indiki hepde FIFA-nyň geňeşiniň agzalary bilen paýlaşmakçydym, ýöne men soňky aýlar wezipäm baradaky gürrüňleriň köpelýändigini bilýärin. Häzirki wagtda men Awstraliýada we Täze Zelandiýada geçiriljek aýallaryň arasynda dünýä çempionatynyň taýýarlygyna we geçirilmegine doly üns berýärin” – diýip, 60 ýaşly Samura belledi.

Samura FIFA-nyň Baş sekretaryň iki orunbasarynyň bolmagyny we täze zenanlaryň futbol diwizionynyň döredilmegini öz içine alan üýtgedip gurmak işine ýolbaşçylyk etdi diýip, Reuters belleýär.
Ýatlap geçsek, mart aýynda FIFA-nyň prezident wezipesine 2016-njy ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk edýän Janni Infantino gaýtadan saýlandy.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.3k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....