Ispaniýaly tennisçi Nadal 2003-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ATP-niň Top-100-den çykdy

  • 14.06.2023 15:40
  • 5.8k+

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal Professional Tennisçileriň Assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginiň ilkinji ýüzlüginden çykdy, ol birbada 2000 reýting utugyny ýitirdi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Türgen reýtingde 15-nji orundan 136-njy orna düşdi. Şeýlelik bilen, 121 orun ýitirdi. Ýatlap geçsek, soňky gezek Nadal dünýäniň iň gowy ýüz tennisçisiniň hataryna 2003-nji ýylda goşulmady.
Nadal Fransiýanyň Açyk çempionatyny (“Rolan Garros”) sypdyrdy. Türgeni henizem arka myşsasy biynjalyk edýär. Häzirlikçe Nadalyň tennis meýdançasyna haçan çykjakdygy belli däl. Ispaniýaly türgeniň hasabynda “Uly tuwulga” ýaryşlarynda jemi 22 ýeňiş bar. 
36 ýaşly Nadal şikes sebäpli Awstraliýanyň Açyk çempionatyndan bäri çykyş edip bilmedi. Ol ýaryşdan eýýäm ikinji tapgyrda amerikaly Makkenzi Makdonalddan üç setde 4:6, 4:6, 5:6 hasabynda utulyp çykdy.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......