Eýranly futbolçylar CAFA Nations Cup 2023 ýaryşynda Owganystany uly hasap bilen ýeňdiler

  • 14.06.2023 14:13
  • 18k+

13-nji iýunda Bişkek şäherindäki Dolen Omruzakow adyndaky stadionda CAFA Nations Cup-2023-iň ikinji tapgyrynyň çäginde Eýranyň ýygyndysy owganystanly futbolçylary 6:1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykdaky birinji goly «Baýeriň» hüjümçisi Serdar Azmun 20-nji minutda geçirdi. Şondan bir minut soňra «Portunyň» hüjümçisi Mehdi Taremi hasaby 2:0-a çykardy. 26-njy minutda Taremi duşuşykda ikinji gezek tapawutlandy ― 3:0. Duşuşykda eýran ýygyndysynyň dördünji goluny Serdar Azmundan alan pasy bilen «Feýenoordyň» futbolçysy Alireza Jahanbahş geçirdi.
Ikinji ýarymyň başynda Mehdi Taremi duşuşykdaky üçünji goluny hem geçirdi. Owganystan bu gollara Farşad Nuruň owadan goly bilen jogap beren hem bolsa, eýranly futbolçy Reza Asadi ýygyndynyň altynjy goluny hem geçirip, duşuşygyň netijesini kesgitledi.
Duşuşygyň netijesi boýunça Eýranyň ýygyndysy «B» toparyň başyna geçip, gyrgyz ýygyndysy bilen bilelikde CAFA Nations Cup-2023-iň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Toparda birinji ornuň gutarnykly eýesi 16-njy iýunda Eýranyň we Gyrgyzystanyň milli ýygyndylarynyň duşuşygyndan soň belli bolar.


şu gün 22:49
1.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

şu gün 13:39
7.8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......