Türkmenistan CAFA Nations Cup-2023 ýaryşynda birinji oýnunda Täjigistan bilen deňme-deň oýnady

  • 12.06.2023 13:19
  • 21k+

Ýekşenbe güni, 11-nji iýunda Daşkentde Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýalarynyň Milletler Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynyň «A» toparynyň birinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Täjigistan bilen duşuşdy. Duşuşyk 1:1 tamamlandy. Duşuşykda 57-nji minutda hasaby Türkmenistandan Myrat Annaýew açdy. Duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna üç minut galanda Täjigistandan Nuriddin Hamrokulow hasaby deňledi.
Ikinji tapgyrda «A» toparda duşuşyklar 14-nji iýunda geçiriler. Şol gün Täjigistan Oman bilen duşuşar. Beýleki oýunda «Bunýedkor» stadionynda Özbegistan bilen Türkmenistan duşuşar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň CAFA Nations Cup 2023-de geçirjek oýunlarynyň senenamasy:
11-nji iýun (ýekşenbe)
18:30 / Täjigistan – Türkmenistan, «Pahtakor» stadiony — 1:1
14-nji iýun (çarşenbe)
20:30 / Türkmenistan – Özbegistan, «Bunýodkor» stadiony
17-nji iýun (şenbe)
18:30 / Türkmenistan – Oman, «Pahtakor» stadiony


şu gün 08:03
1.7k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....