Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine gynanç bildirdiler

  • 12.06.2023 10:11
  • 50k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Abaý oblastynda emele gelen giň gerimli tokaý ýangynlary we olaryň adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çeken sebitleriň bolsa tiz wagtda dikelmegi baradaky dileglerini beýan etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda ýurduň Abaý oblastyndaky giň gerimli tokaý ýangynlary we bu pajygaly ýagdaýyň adam pidalaryna getirendigi baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

“Şu agyr pursatda biz Siziň bilen öwezini dolup bolmajak ýitginiň gynanjyny paýlaşýarys, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjymyzy beýan edýäris, ejir çeken sebitleriň bolsa tiz wagtda abadan durmuşa gaýdyp gelmegini arzuw edýäris” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda nygtady.


02.08.2025 17:26
9.9k+

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagy boýunça dördünji aý hökmünde hasaba alyndy — bu bolsa 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteorologik gözegçilikleriň taryhynda rekord görkeziji boldy...

25.07.2025 11:00
24k+

Serdar Berdimuhamedow Russiýada bolup geçen awiaheläkçilik zerarly W.Putine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Angara” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi...

13.06.2025 12:12
21k+

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna awiaheläkçilik zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi...

07.06.2025 12:21
15k+

Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar

Garagum sährasyndaky Derweze gaz krateriniň ýanmagynyň depgini üç esse azaldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa habar berdi. "Krateriň tertipsiz ýanmagynyň ýygjamlygy 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende üç esseden gowrak azaldy...