Polşada ösýän dub 2023-nji ýylyň Ýewropa agajy boldy

  • 11.06.2023 14:21
  • 14k+

Polşanyň Lodz şäherinden Fabrikant atly dub agajy “2023-nji ýylyň Ýewropa agajy” baýragyny aldy. 180 ýaşly bu agajyň ýeňiş gazanmagy üçin tas 46 müň adam ses berdi diýip, euro-pulse.ru habar berýär.

Dub agajy XIX asyryň ahyrynda döredilen we Lodz tehnologiýa uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Lodz seýilgähiniň baş alleýasynda ösýär. Agajyň şahalarynyň biri s-şekilli bolup, onuň uzynlygy 20 metrden gowrakdyr. 33 metrlik başy bolan dubuň aşagynda bolsa talyplar ýygnanyşmagy gowy görýärler.
Ikinji orna Slowakiýadan Aždarha duby mynasyp boldy. Oňa 18 müň adam ses berdi. Agaç öz şekili bilen oturan aždarhany ýada salýar. Rowaýatlara görä, takmynan, 700 ýyl dub ýerli ýaşaýjylary basybalyjylardan gorapdyr.
Üçünji orny 14 müň ses bilen Krolewesden alma agajynyň koloniýasy eýeledi. Alma agajynyň özbaşdak kök urmaga ukyply bolan 15-e golaý ýere ösen şahasy bar: haçan-da şahalaryň biri ölende olar ýere eglip, kök urýarlar. Şeýlelik bilen, alma agajy öz ömrüni uzaldýar.
“Ýylyň Ýewropa agajy” – bu Ýewropanyň tebigy we medeni mirasynda garry agaçlaryň ähmiýetini görkezmek üçin 2011-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bäsleşik. Geçen ýyl Polşadan Dunin duby ýeňiji boldy.


28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

27.05.2026 18:08
3.6k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......