Eýran RF, Türkmenistan we Katar bilen Pars aýlagynda gaz merkezini döretmegi meýilleşdirýär

  • 10.06.2023 16:24
  • 11k+

Eýran Russiýa Federasiýasy, Türkmenistan we Katar bilen Pars aýlagynda gaz merkezini döretmegi meýilleşdirýär diýip, Eýranyň nebit senagaty ministri Jawad Ouji habar berdi. Muny interfax.ru ýetirýär.

"Russiýa, Türkmenistan we Katar bilen hyzmatdaşlykda biz Eseluý sebitinde gaz merkezini döretmekçi bolýarys. Taýýarlaýyş çäreleri meýilnamalaşdyryş tapgyrynda" - diýip, "Mehr" Oujiniň sözlerini getirýär.

Ol Tähranyň goňşy ýurtlar bilen söwdany ösdürmegi dowam etdirjekdigini belledi.
Oujiniň aýtmagyna görä, Eýran nebitgaz we himiýa pudaklarynda uly üstünlikleri gazandy. Ol Tähranyň Wenesuelada nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň gurluşygyna gatnaşandygyny ýatlap geçdi.
Ministr dünýäniň sanksiýa täsirine düşmeýän şeýle kärhanalara mätäçdigini we şeýle zawodlaryň gurluşygynyň dürli ýurtlarda dowam etdiriljekdigini belledi.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...