Dünýäniň iň hapa howaly şäheri kesgitlendi

  • 10.06.2023 13:39
  • 51k+

Kanadadaky ýangynlar sebäpli Nýu-Ýork şäheri dünýädäki iň hapa howaly şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada dünýäniň iň uly şäherlerinde howanyň hiline gözegçilik edýän IQAir halkara saýtynyň maglumatlaryna salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Habar ýazylan wagty Nýu-Ýork Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiwden we Miçigan ştatynyň Detroýt şäherinden öňe geçip, birinji orny eýeleýärdi. Häzir Nýu-Ýorkda howanyň hil görkezijisi 185-e, Tel-Awiwde 157-ä, Detroýtda 154-e barabar.
Ýatlap geçsek, 7-nji iýunda şäher Kanadada möwç alan ýangyn sebäpli tüsse bilen örtüldi. Nýu-Ýorkyň häkimi Erik Adams ýaşaýjylary köçelere azrak çykmaga çagyrdy. Saglygy goraýyş departamentiniň başlygy Aşwin Wasan howanyň hapalanma derejesiniň 1960-njy ýyllardan bäri rekord görkezijä ýetendigini habar berdi.


düýn 13:00
9.4k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......

09.05.2026 14:17
10k+

Ak tamda UFC Freedom 250 turniriniň ýörite çempionlyk guşagy tanyşdyryldy

Ak tamda UFC Freedom 250 turniriniň ýeňijilerine gowşuryljak ýörite çempionlyk guşagynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. 15-nji iýunda Waşingtonda geçiriljek bu bäsleşik ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllyk......

09.05.2026 08:54
3.1k+

Adam bolmasa-da, jerime salnar: Kaliforniýada sürüjisiz ulaglar üçin täze düzgünler kabul edildi

Kaliforniýa ştatynda sürüjisiz awtoulaglara eýeçilik edýän kompaniýalara ýol hereketiniň düzgünlerini bozan ýagdaýynda jerime salmaga mümkinçilik berýän düzgünler tassyklandy....

08.05.2026 21:52
1.1k+

ABŞ-da 2026-njy ýylyň Pulitzer baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Nýu-Ýorkuň Kolumbiýa uniwersitetinde 2026-njy ýylyň Pulitzer baýragynyň ýeňijileri yglan edildi....