Britaniýada kriptowalýuta eýeleriniň sany 2022-nji ýylda iki esse artdy

  • 10.06.2023 13:39
  • 5.6k+

Beýik Britaniýada 2022-nji ýylda kriptowalýuta eýeleriniň sany iki esse artdy. Bu barada ýurduň Maliýe gözegçiligi edarasyna (FCA) salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Geçirilen pikir soraşmanyň netijesine görä, geçen ýyl her onunjy britaniýalynyň diýen ýaly kriptowalýutasy bolup, bu bir ýyl ozalky görkezijiden iki esse ýokarydyr. Kriptowalýuta eýeleriniň sany FCA-nyň olaryň islendik wagt ähli maýa goýumlaryny ýitirmäge taýýar bolmalydygy baradaky duýduryşlaryna garamazdan artýar diýip, Financial Times belleýär.

“Kriptowalýutany satyn almaly ýa-da almaly däldigini adamlaryň özi çözýär. Biziň düzgünlerimiz adamlara oýlanyşykly netije çykarmak üçin wagt we töwekgelçilikler barada dogry duýduryşlary berýär” – diýip, FCA-nyň sarp edijileriň hukuklaryny goramak we bäsdeşlik bölüminiň ýolbaşçysy Şeldon Mills belleýär.

FCA-nyň pikir soraşmasyna gatnaşan 2 müň uly ýaşly britaniýalynyň, takmynan, 36%-i kriptowalýutanyň mahabatyny görendigini ýa-da eşidendigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, öň kriptowalýutalara biperwaý bolan adamlaryň dörtden bir bölegi mahabat kampaniýalarynyň täsiri bilen olara gyzyklanma bildirip başlady.
Mills 8-nji oktýabrdan ýurtda kriptowalýuta gurşawynda mahabat düzgünleriniň berkeýändigini ýatlap geçdi. Aýratynam, “dostuňy getir we sowgat al” ýaly aksiýalar gadagan ediler. Täze düzgünler Beýik Britaniýadan bolan müşderiler üçin ýurtda ýa-da daşary ýurtdadygyna garamazdan kriptoaktiwleri satmak bilen meşgullanýan ähli kompaniýalara degişli bolar.


14.03.2026 15:33
2.8k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...