“Ýuwentus” Super ligadan çykmak isleýändigini tassyklady

  • 09.06.2023 11:47
  • 14k+

Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby resmi saýtynda beýan bilen çykyş edip, onda Ispaniýanyň “Real” we “Barselona” klublaryna Super liganyň taslamasyndan çykmak isleýändigi barada hat iberendigini tassyklady. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

Öň, Italiýanyň Futbol federasiýasynyň Federal şikaýat kazyýeti “Ýuwentusa” maliýe aldawlary sebäpli ýurduň çempionatynda on utukdan mahrum etme görnüşinde jeza berdi. HBS Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) kluby diňe bir galplyk sebäpli däl, eýsem Super liganyň taslamasyny goldaýandygy üçin bir ýyl we ondan köp wagtlap ýewrokuboklardan çykaryp biljekdigini habar berdi.
Beýanda “Ýuwentusyň” Super liganyň taslamasyndan çykmagy bilen bagly üç klubuň arasynda maslahatlaşmaga başlajakdygy aýdylýar. Klubda UEFA tarapyndan bolup biljek sanksiýalar howpy barada HBS-iň habarlarynyň hakykata laýyk gelmeýändigi hem bellenilýär.
2021-nji ýylyň aprel aýynda Ýewropa klublarynyň 12-si Super liganyň döredilýändigini mälim etdi. Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA), UEFA, milli assosiasiýalar, futbol jemgyýetiniň wekilleri we janköýerler täze ýaryş pikirini berk tankytladylar. Şondan soň Angliýanyň klublarynyň ählisi, soňra Milanyň “Interi” we Madridiň “Atletikosy” taslamadan çykýandyklaryny habar berdiler. Super liga pikirine “Ýuwentus”, “Real” we “Barselona” ygrarly boldy. UEFA olara garşy düzgün-nyzam çäresini gozgady.


düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......