Apple iPhone X bilen Apple Watch Series 3-i resmi taýdan könelen diýip yglan etdi

  • 09.06.2023 11:51
  • 10k+

Apple kompaniýasy WWDC23 tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde iOS 17, iPad OS 17, macOS 14 Sonoma we watchOS 10 operasion sistemalaryny anons etdi. Şonuň bilen birlikde haýsy gurluşlaryň täzelenmä eýe boljakdygy, haýsylarynyň eýe bolmajakdygy belli boldy. Häzirki iPhone, iPad, Mac we Apple Watch-yň doly sanawyny Rozetked neşiri çap etdi diýip, gazeta.ru habar berýär.

iPhone XR-den başlap ähli esasy modeller iOS 17-ä çenli täzelenip bilerler. Şeýle-de, täze OS-a 2020-nji we 2022-nji ýyllaryň iPhone SE modelleri eýe bolar. Şeýlelik bilen, Apple 2023-nji ýylda iPhone X, iPhone 8 we has köne modelleri könelişen diýip resmi taýdan ykrar etdi.
iPadOS 17-ni ikinji nesil iPad Pro-dan, üçünji nesil iPad Air-den, altynjy nesil iPad-den we bäşinji nesil iPad mini-den uly bolmadyk gurluşlar gurnap biler. Sanalyp geçilen modellerden öň çykan ähli gurluşlar operasion sistemanyň täze wersiýasyny almaz.
Öz gezeginde, watchOS 10-y Apple Watch Series 3-den täze gajetleriň eýeleri gurnap biler. Has takygy, watchOS 10 Apple Watch Series 4, 5, 6, 7 we 8, şeýle-de, Apple Watch SE we Apple Watch Ultra üçin elýeterli bolar.
MacOS 14 Sonoma-ny 2019 iMac, 2017 iMac Pro, 2018 MacBook Air, MacBook Pro, 2019 MacPro, 2022 Mac Studios, şeýle-de 2018 Mac mini alar.
Apple kompaniýasynyň täze operasion sistemalarynyň relizi şu ýylyň güýzünde geçiriler.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...