YHÖG 2023-nji ýylda dünýäde jemi içerki önümiň ösüşi boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

  • 08.06.2023 21:18
  • 4.3k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2023-nji ýylda ählumumy jemi içerki önümiň ösüşi baradaky çaklamasyny, öňki mart aýyndaky 2,6% ösüş çaklamasyna garanyňda, 2,7%-e çenli ýokarlandyrdy.

Bu barada guramanyň iýun aýyndaky ykdysady hasabatynda aýdylýar diýip, Report habar berdi.

Hasabatda: "Ählumumy jemi içerki önümiň ösüşi 2022-nji ýylda 3,3% bolanlygyndan 2023-nji ýylda 2,7% -e çenli peseler, 2024-nji ýylda bolsa 2,9% -e çenli artyp, şonda-da pes bolmagynda galmagyna garaşylýar" diýilýär.

Çäklendiriji pul-karz syýasaty ýene az salym islegiň ösüşini bökdär, şonda 2022-nji ýyldaky berkitmegiň doly täsiri şu ýylyň ahyryna ýa-da 2024-nji ýylyň başyna çenli ýüze çykar diýip gurama belleýär.


düýn 16:30
531

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
11k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......