«West Hem» kluby UEFA Konferensiýalar ligasynyň ýeňijisi boldy

  • 08.06.2023 12:06
  • 10k+

Konferensiýalar ligasynyň finalynda «West Hem» iňlis futbol klubunyň oýunçylary Italiýanyň «Fiorentinasyndan» üstün çykdylar. Pragada geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň 62-nji minudynda Said Benrahma 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip hasaby açdy. 67-nji minutda «Fiorentina» Jakomo Bonawenturanyň tagallalary bilen hasaby deňlemegi başardy. Ýeňiş goluny «West Hemden» Jarrod Bouen duşuşygyň soňky minutlarynda geçirdi.
Bu ýeňşi mynasybetli «West Hem» indiki möwsümde Ýewropa ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Şu möwsümiň jemleri boýunça «West Hem» Angliýanyň Premýer ligasynda 14-nji orny eýeläpdi.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......