Samsung täze Galaxy F54 5G smartfonyny çykardy

  • 07.06.2023 16:38
  • 21k+

Samsung Galaxy F54 5G smartfonyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu Galaxy A54 5G -iň üýtgedilen (has gowulaşan) wersiýasy - enjam has oňat kamera we has uly batareýa aldy. Bahasy barada aýdylanda bolsa, Hindistanda Galaxy F54 5G (smartfonyň tanyşdyrylan ýeri) üçin 340 dollar soraýarlar.

Enjam diagonaly 6,7 dýuým, durulygy Full HD + we 120 Hz  çarçuwasy bolan Super AMOLED + ekrany aldy. Apparat platformasy SoC Exynos 1380 esaslanýar, ýadyň göwrümi 8 we 256 GB. Enjam Android 13 -de One UI 5.1 interfeýsi bilen işleýär we Samsung dört ýyl Android täzelenmesini we doly bäş ýyllyk howpsuzlyk täzelenmesini kepillendirýär.
Esasy kamera 108, 8 we 2 megapiksel durulykda datçikler bilen görkezilýär. Esasy modulda optiki şekil stabilizasiýasy bar. Öň kamerasy - 32 megapiksel datçikli we 4K 30 k/s wideo ýazgysy üçin goldawly.
Şeýle hem, Samsung Galaxy F54 5G gapdal barmak yz skaneri, Wi-Fi 6 we Bluetooth 5.3 adapterleri we NFC çipi aldy. Batareýanyň kuwwaty 6000 mAh, 25 Wt zarýad bermegi goldaýar. Şeýle hem, IP67 derejesine laýyklykda tozandan we suwdan gorag bar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...