Saudi Aramco OPEK+ duşuşygyndan soň nebit bahalaryny ýokarlandyrdy

  • 07.06.2023 16:10
  • 6.4k+

Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasy Saudi Aramco 4-nji iýunda geçirilen OPEK+ duşuşygyndan soň Aziýadaky, ABŞ-daky we Ýewropadaky müşderiler üçin nebit bahalaryny ýokarlandyrdy. Bu barada Trend habar berýär.

Arab Light görnüşiniň bahasy bir barrele 0,45 dollar ýokarlanar we Oman/Dubai bençmarkynyň bahasyndan 2,55 dollar ýokary bolar. Saudi Aramco Aziýa iberilýän nebitiň ähli görnüşleri üçin hem bahalary deň mukdarda ýokarlandyrdy.
ABŞ we demirgazyk-günbatar Ýewropa üçin Saudi Aramco iberilýän nebitiň ähli görnüşleri üçin bahalary 0,9 dollar ýokarlandyrdy. Şeýlelik bilen, ABŞ-da Saud Arabystanynyň nebiti Argus Sour Crude Index-e (ASCI) gatnaşykda 7,15 dollar premiýa bilen, Ýewropada bolsa Brent-den 3 dollar gymmat satyn alnar. Ortaýer deňzindäki alyjylar üçin bahalar ähli görnüşler üçin barreline 0,6 dollar ýokarlandy, bu hem Brent-den 2,5 dollar gymmatdyr.


düýn 12:32
3.9k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

düýn 10:46
1.6k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......