Erling Holand dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy

  • 07.06.2023 15:18
  • 21k+

Norwegiýaly hüjümçi Erling Holand CIES Football Observatory-nyň garaýşy boýunça dünýäniň iň gymmt futbolçysy boldy.

Sport barlaglary merkeziniň garaýşy boýunça «Mançester Sitiniň» hüjümçisiniň bahasy 245,1 mln ýewro. Holand bahasy 200 mln ýewrodan geçen ýeke-täk oýunçy.
Sanawda ikinji orunda Madridiň «Realynyň» oýunçysy Winisius Žunior ýerleşdi (196,3 mln ýewro). Üçünji ýeri «Arsenaldan» Bukaýo Saka eýeledi (195,8 mln ýewro).
Erling Holand şu möwsümde «Mançester Sitiniň» düzüminde APL-iň hem-de Angliýanyň Kubogynyň eýesi boldy. Ol 2022/2023 möwsümde 35 oýunda 36 gol geçirdi hem-de 8 sany assist etdi.
10-njy iýunda «Mançester Siti» möwsümiň iň jogapkärli duşuşygynda — Çempionlar ligasynyň finalynda «Inter» bilen duşuşar.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....