Apple iOS 17-ni hödürledi

  • 07.06.2023 14:36
  • 11k+

WWDC 2023 ýaýlymynyň çäginde Apple iPhone we iPad üçin operasiýa ulgamynyň täze wersiýasy bolan iOS 17-ni hödürledi.

iOS 17-de jaň programmasy täzeden düzüldi. Her bir kontakt üçin gelýän jaňlaryň ekranyny - suraty, şriftini we tekst reňkini üýtgedip bilersiňiz.
Mundan başga-da, iPhone jaň edijiniň ses poçtasy bilen iberýän habarynyň tekstini hakyky tertipde görkezer. Live Voicemail funksiýasy söhbetdeşlik wagtynda tekst görnüşini hem görkezip biler.
Şeýle hem, Apple NameDrop atly Air Drop kontakt paýlaşma aýratynlygyny goşdy. Wirtual wizit kartoçkalaryny alyp-berişmek üçin enjamlary biri-birine golaý getirmeli bolarsyňyz.
Beýleki täzelenmeleriň arasynda klawiatura giriş düzedişini gowulandyrmak, iMessage-de täzeden döredilen emodzi we stikerler hem-de nazarlan menziliňize ýeteňizde dostlaryňyza  awtomatiki barýan hatlar girýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...