Apple täze Macbook Air-ny, Macbook Pro-ny we Mac Studio-ny hödürledi

  • 07.06.2023 14:34
  • 3.8k+

Apple kompaniýasy täze MacBook Air noutbugyny, Mac Pro stolüsti kompýuterlerini we ykjam Mac Studio-ny hödürledi. Tanyşdyryş Kupertino (Kaliforniýa ştaty) şäherindäki Apple Park kompaniýasynyň baş edarasynda Apple Worldwide Developers konferensiýasynda (WWDC) geçirildi we YouTube-da göni ýaýlyma berildi.

Täzelikleri korporasiýanyň başlygy Tim Kuk, Apple-iň enjamlar bölüminiň müdiri Jon Ternus we toparyň wise-prezidenti Keýt Beržeron hödürledi.
Täze MacBook Air — agramy 1,4 kg bolan 15,3 dýuýmlyk ýeňil noutbuk. Öňki 13 dýuýmlyk wersiýa bilen birmeňzeş reňkde - altyn, kümüşsöw we «çal kosmos» reňkde görkezilýär.
Enjam M2 çipi, täze displeý we gulaklyklar üçin 3,5 mm-lik deşik bilen enjamlaşdyrylandyr. MacBook Air 18 sagat awtonom görnüşde işläp biler. MacBook Air noutbugynyň bahasy 1299 dollardan başlaýar.
Mac Studio stolüsti kompýuteri M2 Max we M2 Ultra prosessorlary bilen üpjün edilýär. Apple M2 Max-y şahsy kompýuter üçin döredilen iň güýçli prosessor diýip atlandyrýar.
Şeýle hem, Mac Studio 76 ýadroly grafiki prosessor bilen enjamlaşdyrylandyr, bu enjamyň öňki wersiýasyndan 30% çaltdyr. Mac Studio-nyň bahasy 1999 dollardan başlaýar.
Mac Pro stolüsti kompýuteri M2 Ultra çipi bilen hem enjamlaşdyrylandyr. Ol Intel esasly Mac kompýuterlerinden üç esse çalt işleýär diýip, korporasiýanyň wekilleri aýtdylar. Kompýuter minara korpusynda-da, söýeli görnüşde-de hödürlenýär. Enjamyň bahasy 6999 dollardan başlaýar. Kompýuterler şu hepde satuwa çykarylar.


09.06.2026 23:04
2.9k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....