«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Almata uçuşlaryny dikeltdi

  • 07.06.2023 11:42
  • 14k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda howa gatnawlaryny dikeltdi. ORIENT agentliginiň Howa gatnawlarynyň Baş agentligine salgylanyp habar bermegine görä, Aşgabatdan Almata gatnawlar hepdede bir gezek — her anna güni Boeing-737 uçarlarynda amala aşyrylar.

Gazagystana uçuşlar 2023-nji ýylyň 2-nji iýunynda ýerine ýetirilip başlandy. Ýoluň dowamlylygy 2,5 sagat. Gatnaw Aşgabatdan 09:05-de uçup, Almata ýerli wagt bilen 12:35-de gonar. Yzyna uçar Almatydan 14:00-da uçup, Aşgabadyň Halkara howa menziline ýerli wagt bilen 15:50-de gonar.
Aşgabat-Almata ugry boýunça awiabiletleriň bahasy ekonom klas üçin 3675 manat, biznes klas üçin 5775 manat.


şu gün 01:02
2.6k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......