Reuters: Neuralink-iň bahasy 5 milliard dollara ýetdi

  • 05.06.2023 20:26
  • 25k+

Ilon Maskyň Neuralink neýrotehniki kompaniýasynyň bahasy, adamyň beýnisine çip ornaşdyrmak boýunça kliniki synaglary geçirmek üçin rugsat alandan soň, 5 milliard dollara barabar boldy. Bu barada Reuters  agentligi çeşmelere salgylanyp habar berdi.

Olaryň maglumatyna görä, başlangyjyň bahasy, 2021-nji ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende, 3 milliard dollar ýokarlandy. Kompaniýanyň paýnamalaryna islegiň gaty uludygy bellendi. Bilermenler Neuralink-i täjirçilik maksady bilen peýdalanmaga rugsat almak üçin ýene birnäçe ýylyň gerek bolmagynyň mümkindigini bellediler. ABŞ-nyň Milli saglyk institutynyň neýroenergetika bölüminiň öňki müdiri Kip Lýudwig  beýni implantatyny täjirçilik taýdan ulanmaga tassyknama almak üçin ýene azyndan 10 ýyl gerek bolsa gerek diýip hasaplaýar.
Käbir gözlegçiler kompaniýa şunça baha kesilmegine şübheli garaýarlar. Alym we telekeçi Arun Şridhar implantatyň işlenip taýýarlanşynyň irki döwrüne salgylanyp, ony akylsyzlyk diýip atlandyrdy. Ol: "Onuň howpsuzlygyny we uýgunlaşyjylygyny synap görmek hijem 5 milliard dollar çykdajy çykaranyňa degmez" -diýdi.


düýn 12:04
1.1k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.6k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......