«PSŽ» Messiniň gidýändigini resmi taýdan habar berdi

  • 04.06.2023 12:42
  • 23k+

Fransiýanyň “PSŽ” futbol kluby resmi saýtynda argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň gidýändigini habar berdi. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.

“Klub Leo mundan beýläkki karýerasynda hem uly üstünlikleri arzuw edýär” – diýlip, klubuň beýanynda bellenilýär.

Messi 2021-nji ýylyň tomsunda “PSŽ-niň” oýunçysy boldy, ol “Barselona” bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň bu kluba erkin agent hökmünde geçdi. Ol “PSŽ” üçin jemi 74 oýna gatnaşyp, 35 gol geçirdi we 35 netijeli geçirim etdi. Topar bilen bilelikde Fransiýanyň iki gezek çempiony boldy we ýurduň Super kubogyny utdy.
Messi 35 ýaşynda, ol “Altyn topuň” ýedi gezek eýesi, Çempionlar ligasynyň dört gezek ýeňijisi, Ispaniýanyň 10 gezek çempionydyr. Dekabr aýynda argentinaly oýunçy dünýä çempiony, 2021-nji ýylda Amerikanyň Kubogynyň eýesi boldy.


şu gün 16:18
2.4k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....