Türkmenistanyň Prezidenti Hindistandaky otly heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

  • 04.06.2023 12:11
  • 51k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa we bu ýurduň Premýer-ministri Narendra Modä Hindistanyň Odişa ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.
2-nji iýunda Hindistanda Balasor şäherinden uzak bolmadyk ýerde otlular çaknyşdy. Maglumatlara görä, Kalkuttadan Çennai şäherine barýan ýolagçy otlusynyň 10-12 wagony çaknyşyk zerarly relsden çykyp, gapdaldaky relslere düşüpdir. Birnäçe wagtdan bu wagonlara gapdal relsden hereket edip gelen ýene-de bir ýolagçy otlusy gelip çaknyşypdyr. Netijede ýene-de 3-4 wagon relsden çykypdyr.
Üç sany otlynyň çaknyşygynda aradan çykanlaryň sany 288-e ýetdi diýip, Frans Press agentligi ştatyň ýangyn howpsuzlyk gullugynyň başlygy Sudhanşu Sarangä salgylanyp habar berdi.


17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.5k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

05.01.2026 11:44
9k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...

15.12.2025 17:38
14k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär...