Hindistanda 3 otlynyň çaknyşygynda aradan çykanlaryň sany 288-e ýetdi

  • 03.06.2023 09:04
  • 48k+

Hindistanyň Odişa ştatynda üç sany otlynyň çaknyşygynda aradan çykanlaryň sany 288-e ýetdi diýip, Frans Press agentligi ştatyň ýangyn howpsuzlyk gullugynyň başlygy Sudhanşu Sarangä salgylanyp habar berýär.

"Hindistanda otly heläkçiliginde aradan çykanlaryň sany 288-e ýetdi" - diýlip habarda aýdylýar.

Öň, Indian Express neşiri 233 adamyň aradan çykandygyny, ýene-de 900 adamyň şikes alandygyny habar berdi.
Anna güni Hindistanda Balasor şäherinden uzak bolmadyk ýerde otlular çaknyşdy. Maglumatlara görä, Kalkuttadan Çennai şäherine barýan ýolagçy otlusynyň 10-12 wagony çaknyşyk zerarly relsden çykyp, gapdaldaky relslere düşüpdir. Birnäçe wagtdan bu wagonlara gapdal relsden hereket edip gelen ýene-de bir ýolagçy otlusy gelip çaknyşypdyr. Netijede ýene-de 3-4 wagon relsden çykypdyr. Halas ediş operasiýasyna Tebigy betbagtçylyklaryň täsirini aradan aýyrmak boýunça milli güýçleriň ýüzden gowrak işgäri gatnaşýar. Aradan çykanlaryň sany artmagy mümkin.


17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.9k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

15.12.2025 17:38
14k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär...

25.11.2025 12:46
19k+

Hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Dharmendra aradan çykdy

Mumbaýda 89 ýaşynda Bolliwud kinosynyň ýyldyzy Dharmendra (doly ady – Dharmendra Kewal Krişan Deol) aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Dharmendra hindi kinosynyň iň esasy şahsyýetleriniň biridi...