Forbes dünýäniň iň baý aktrisasyny mälim etdi

  • 03.06.2023 09:35
  • 20k+

Oskar baýragynyň eýesi Riz Uizerspun, Forbesiň habaryna görä, iň baý aktrisa derejesini aldy. Onuň baýlygy 440 million dollar diýlip çaklanylýar.

2021-nji ýylda Uizerspun özüniň Hello Sunshine kompaniýasyny 900 million dollara satdy we 18% paýyna eýe bolmagyny dowam etdirdi. Ol zenan kyssalaryna gönügen “Uly kiçi ýalanlar” we “Ertir şüweleňi” ýaly we beýleki meşhur seriallary döretdi. Ikinjisinde ol 10 bölüm üçin 20 million dollar aldy.
Dueýn Jonson geçen ýyl 270 million dollar bilen iň köp girdeji gazanan aktýor boldy. Jorj Lukas (4,8 milliard dollar) bilen Stiwen Spilberg (4 milliard dollar) öňdebaryjy režissýorlar boldy.


19.03.2026 13:52
8.1k+

Forbes iň baý 5 türgeniň adyny belli etdi: arasyna täze biri goşuldy

Forbes žurnaly baýlygy 1 milliard dollardan köp bolan bäş sany öňki we häzirki türgenleriň sanawyny düzdi. Sanawdaky iňlis dilli meşhur türgenler — Maýkl Jordon, Mejik Jonson, Taýger Wuds we Lebron Jeýmsiň hataryna ýene bir baý kişi – şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer hem goşuldy...

17.03.2026 15:49
3.9k+

Adam Sendler birinji: Forbes iň köp hak tölenýän aktýorlaryň adyny mälim etdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan aktýorlarynyň her ýylky reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça birinji orny 59 ýaşly Adam Sendler eýeledi. Onuň girdejisi 48 million dollara deň boldy...

12.03.2026 16:43
4.8k+

Stiwen Spilberg ýene-de dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy

Amerikaly režissýor Stiwen Spilberg yzygider ikinji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý meşhur şahsyýetleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Onuň baýlygy 7,1 milliard dollar bilen bahalandyrylýar...

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...