CAFA-2023 ýaryşy üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gutarnykly düzümi belli boldy

  • 02.06.2023 15:29
  • 16k+

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň Mergen Orazowyň baştutanlygyndaky tälimçiler ştaby toparyň Merkezi Aziýanyň futbol birleşmesiniň birinji çempionatyna gatnaşjak gutarnykly düzümini atlandyrdy. 25 oýunçydan ybarat bolan ýüz tutma Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda çap edildi.

10-njy iýundan 20-nji iýuna çenli Daşkentde we Bişkekde geçjek ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy A toparda Täjigistanyň, Özbegistanyň we Omanyň toparlary bilen oýnar. Türkmen toparynyň düzümine şular girdiler:
Derwezebanlar — Rasul Çaryýew («Arkadag»), Batyr Babaýew («Altyn asyr»), Döwletýar Berdiýew («Köpetdag»)
Meýdançadaky oýunçylary — Yhlas Toýjanow, Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow, Arzuwguly Sapargulyýew, Mekan Saparow, Ilýa Tamurkin, Resul Hojaýew, Welmyrat Ballakow, Yhlas Saparmämmedow, Didar Durdyýew, Arslanmyrat Amanow, Şanazar Tirkişow, Begmyrat Baýow, Altymyrat Annadurdyýew, Begenç Akmämmedow («Arkadag»); Ahmet Ataýew, Myrat Annaýew («Altyn asyr»); Ata Geldiýew, Meýlis Diniýew («Ahal»); Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata», Gyrgyzystan), Mirza Beknazarow («Narwa-Trans», Estoniýa).


şu gün 08:03
1.7k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....