Messi möwsümiň ahyrynda “PSŽ-den” gider

  • 02.06.2023 00:50
  • 15k+

“Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Lionel Messi möwsüm tamamlanandan soň topary terk eder diýip, fransuz futbol klubunyň baş tälimçisi Kristof Galtýe habar berdi. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.

“Maňa futbol taryhynda iň gowy oýunça tälimçilik etmek bagty miýesser etdi. “Klermona” garşy oýun onuň üçin “Park de Prensde” iň soňky oýun bolar” – diýip, L’Equipe tälimçiniň sözlerini getirýär.

35 ýaşly Messiniň “PSŽ” bilen häzirki şertnamasy 2023-nji ýylda tamamlanýar, bu topar üçin ol 2021-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Argentinaly oýunçy iki gezek Fransiýanyň çempiony boldy, bir gezek ýurduň Super kubogyny utdy.
Öň, HBS Messiniň Saud Arabystanynyň “Al-Hilýal” klubuna geçmek barada ylalaşandygyny habar beripdi.
Fransiýanyň çempionatynyň 38-nji tapgyrynyň “PSŽ” – “Klermon” oýny 3-nji iýunda geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 0:00-da başlar.


şu gün 16:18
2.4k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....