Xiaomi iýun aýynda Walt Disney-iň 100 ýyllygyna bagyşlanan smartfony hödürlär

  • 01.06.2023 14:59
  • 9.9k+

Ýakynda internet torunda Xiaomi-niň Civi 3 smartfonynyň aýratyn görnüşini çykarmaga taýýarlanýandygy barada gürrüňler peýda boldy. Häzir hytaý öndürijisi muny resmi taýdan tassyklady diýip, gagadget.com habar berýär.

Gürrüň Xiaomi Civi 3 Disney 100th Anniversary Edition modeli barada gidýär. Adyndan görnüşi ýaly, gajet Walt Disney kompaniýasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanar. Smartfon giňeldilen üpjünçilik toplumyna, şeýle-de sowgatlyk gutusyna eýe bolar. Mundan başga-da, gajetde öňünden gurnalan Mikki Mausly tema bolar. Smartfonyň relizi hem iýun aýynda geçiriler.
Xiaomi Civi 3 Disney 100th Anniversary Edition smartfonynyň aýratynlyklary adaty modelden tapawutlanmaz. Ýagny, gajet 120 Gs 6.55 dýuým AMOLED displeýine, Dimensity 8200 ULTRA prosessoryna, 50 Mp + 8 Mp + 2 Mp bolan üç kamera, 32 Mp + 32 Mp frontal kamera, 67 Wt zarýad beriji bilen 4500 mA/sag sygymly batareýa, NFC, Wi-Fi 5 we Dolby Atmos goldawy bilen stereodinamikalara eýe bolar. Gurluşyň bahasy heniz belli däl


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...