Dubaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň premýer-ministriniň gyzynyň durmuş toýy boldy

  • 30.05.2023 13:39
  • 39k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň premýer-ministri, Dubaýyň hökümdary şeýh Muhammed bin Raşidiň gyzynyň durmuş toýy Dubaýda geçirildi. Ýurduň wise-prezidenti gyzy şeýh Maranyň durmuş toýy mynasybetli Dubaýyň Halkara söwda merkeziniň Za'beel Hall zalynda dabaraly kabul edişlik gurady. Bu barada Arabian Business habar berýär.

Şeýh Mara şeýh Mana ben Muhammed ben Raşid ben Mana Al Maktuma durmuşa çykdy. Ol BAE-niň Ýaragly Güýçlerinde gulluk edip, BAE-däki Amerikan uniwersitetini howpsuzlyk we töwekgelçilikleri dolandyrmak ugry boýunça tamamlady. Häzirki wagtda onuň AlBarada Trading, Dubai Tech, GCI Real Estate we MM kompaniýalar topary ýaly köp sanly iri kompaniýalary bar. Şeýle-de şeýh haýyr-sahawat işi bilen hem meşgullanýar, atçylyk sporty we filosofiýa bilen gyzyklanýar.


26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....

18.05.2026 11:22
8k+

20 müň tomaşaça niýetlenen: Abu Dabi ilkinji bolup ABŞ-nyň çäginden daşarda sfera binasyny gurýar

Abu Dabide ABŞ-nyň çäginden daşardaky ilkinji sfera binasy – «Sphere Abu Dhabi» atly täsin we doly derejeli göwün açyş toplumynyň gurluşygy yglan edildi....

22.04.2026 17:36
5.2k+

Dubaýda aerotaksi üçin ilkinji täjirçilik wertiport açyldy

Dubaýda dünýäde ilkinji gezek aerotaksiler üçin niýetlenen täjirçilik wertiporty (wertikal uçuş we gonuş duralgasy) açyldy. Bu desga halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýär we dikligine uçýan hem-de gonýan......