«Suw perijigi» filminiň kassa ýygymy 185 million dollardan gowrak girdeji getirdi

  • 30.05.2023 13:29
  • 12k+

Suw perijigi Arieliň başdan geçirmeleri baradaky fentezi melodramasynyň başlangyç kassa ýygymy 185 million dollardan geçdi. Diňe ABŞ-da «Suw perijigi» 117,5 million dollar ýygnady. Maglumatlar Box Office Mojo web sahypasynda paýlaşyldy. Film 25-nji maýda prokata çykdy.

Film tankytçylardan dürli synlary aldy. Şeýle-de bolsa, bilermenler Holli Beýliniň çykyşyna ýokary baha berdiler we muny «tomaşaçylaryň islendik toparynyň bu klassiki eseriň täzeden işlenmegini makullamagynyň ýeke-täk sebäbi» diýip atlandyrdylar.
“Suw perijigi” 1989-njy ýyldaky “Disney”-iň çykaran animasiýa filminiň täzeden surata düşürilişidir. Hekaýada Ariel şazada Erigi halas edýär we oňa aşyk bolýar. Onuň bilen bolmak üçin jadygöý Ursula bilen şertnama baglaşýar we sesini adam aýaklaryna çalyşýar.
Rob Marşalyň režissýorlyk eden filminde baş keşbi aýdymçy Holli Beýli ýerine ýetirdi. Ispaniýaly aktýor Hawýer Bardemi (“Karib deňziniň garakçylary: Öli adamlar erteki aýtmaýar”, “Bu ýerde garrylaryň köri ýok”) deňiz şasynyň we Ariel Tritonyň kakasynyň keşbini oýnamaklyga çagyrdylar we iňlis aktýory Jon Hauer-King (“Kiçijik bikeler” teleserialy) bolsa  şazadanyň keşbini ýerine ýetirdi.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....