Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili bilen howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça pikir alyşdy

  • 29.05.2023 23:35
  • 31k+

Şu gün, 29-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin görülýän çäreler babatynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň garaýyşlaryndan ugur alnyp bu meseläniň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy ekologiýa wezipelerini çözmek hem-de daşky gurşawy senagat ösüşiniň depginleri bilen baglanyşykly antropogen  ýagdaýlaryň oňaýsyz täsirinden goramak ulgamynda ýurdumyzyň garaýyşlary beýan edildi.
Şunda, Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň  özara bähbitlere,  şeýle hem umumy abadançylyk maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy geljekde hem giňeltmäge gyzyklanmalary tassyklanyldy.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy Taraplaryň 26-njy mejlisinde Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy (ÄMB) boýunça täze başlangyjy goldap, onuň kadalaryny  jikme-jik öwrenmäge hem-de Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak mümkinçiliklerine garamaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.


düýn 18:54
3.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......