Leonardo DiKaprionyň portreti auksionda 1,3 million dollara satyldy

  • 29.05.2023 14:02
  • 16k+

Fransiýanyň Gök kenarynda bolan 76-njy Kann kinofestiwalynyň çäklerinde söwda geçirildi. Bu haýyr-sahawat auksiony bolup, ähli girdejiler adamyň immunitet ýetmezçiligi wirusy bolan adamlara kömek üçin iberiler diýip, thecity.m24.ru belleýär.

Häzirki zamanyň iňlis suratkeşi Demien Herst tarapyndan döredilen Leonardo DiKaprionyň portreti üçin 1,3 mln dollar goýuldy. Auksion başlamazdan ozal anyklanylyşy ýaly, söwdadan öň surat şahsy kolleksiýa degişlidi. Indi oňa kolleksioner Kristian Lewett eýeçilik edýär. DiKaprionyň özi hem auksiona gatnaşdy.
Auksionda beýleki lotlar hem satyldy. Iň köp mukdar – 1,6 mln dollar sargyda döredilen Aston Martin-e goýuldy.
Demien Herst barada aýdylanda, ol häzirki zamanyň iň gymmat suratkeşleriniň onlugyna girýär.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....